Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

ABŞ-da Tramp bilen Harrisiň ilkinji teleçekişmesi bolar

11:2411.09.2024
0
5363
ABŞ-da Tramp bilen Harrisiň ilkinji teleçekişmesi bolar
Surat: gazeta.ru

ABŞ-nyň Prezidentligine dalaşgärler – öňki amerikan lideri Donald Tramp bilen ýurduň häzirki Wise-Prezidenti Kamala Harris Respublikaçylar hem-de Demokratik partiýalardan resmi dalaşgärlige hödürlenenden soňra ilkinji teleçekişmeleri geçirerler.

ABC teleýaýlymy tarapyndan guraljak çekişmeler ýurduň Pensilwaniýa ştatynyň Filadelfiýa şäherinde geçer we 90 minut dowam eder. Çekişmeleri Amerikanyň iri teleýaýlymlary ýurduň gündogar kenarýakalarynyň wagty boýunça sagat 21:00-da görkezip başlar.

Munuň Tramp bilen Harrisiň ýeke-täk teleçekişmesi bolmagy mümkin, sebäbi taraplar goşmaça tapgyrlar barada ylalaşmadylar. Saýlawlara iki aýdan az wagt galdy, ol 5-nji noýabrda bolar diýip, TASS ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň