Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Wýetnamda üsti adamly we ulagly köpri ýykyldy

14:2010.09.2024
0
13970
Wýetnamda üsti adamly we ulagly köpri ýykyldy
Surat: gazeta.ru

Wýetnamyň Futho ülkesinde üsti adamly we ulagly köpri ýykylyp, adamlar suwa gaçdy. Bu barada «VnExpress» täzelikler portalyna salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.

Habarda Gyzyl derýanyň üstündäki köprüniň duşenbe güni ýykylandygy aýdylýar. Betbagtçylyk wagty köprüniň üstünde birnäçe awtoulaglardyr motosikller bardy, olaryň ählisi suwa gaçdy.

Wýetnamyň Hökümet başlygynyň orunbasary Ho Dyk Fok suwa 10 awtoulagyň we iki motosikliň gaçandygyny, şeýle-de 13 adamyň dereksiz ýitendigini, dört adamyň halas edilendigini habar berdi.

«VnExpress» portalynyň ýazmagyna görä, ýerli harbylar ýitenleri gözleýärler. Olar ýitenleriň anyk sanynyň has köp bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar.

9-njy sentýabr gijesi Wýetnamy «Ýagi» deňiz tupany basdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň