Indoneziýanyň Prezidenti Joko Widodo 10-njy sentýabrda ýurduň täze paýtagty Nusantara göçüp barar. Bu barada «Jakarta Globe» neşirine salgylanýan TASS habar berdi.
Habarda Widodonyň Nusantaradaky diwanynda 10-njy oktýabrdan işläp başlajakdygy aýdylýar. Döwlet baştutany ol ýerdäki «Garuda» köşgünde ýerleşer. Joko Widodo ýurduň paýtagtyny Jakartadan göçürmek barada pikiri 2019-njy ýylda yglan edipdi. Ilkibaşda täze şäheriň Kalimantan adasynda 2024-nji ýyla çenli peýda boljakdygy aýdylypdy. Bu maksat üçin 32 mlrd dollar bölünip berildi, emma koronawirus ýokanjy sebäpli taslama togtadyldy.
2022-nji ýylyň ýanwar aýynyň ortalarynda Prezident Widodo täze paýtagtyň Nusantara diýlip atlandyryljakdygyny mälim etdi.