Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

ABŞ-da poliseýler iki sagatlap fermadan gaçan sygry kowaladylar

11:3107.09.2024
0
6017
ABŞ-da poliseýler iki sagatlap fermadan gaçan sygry kowaladylar
Surat: gazeta.ru

ABŞ-da poliseýler iki sagatlap, fermadan gaçan sygry kowaladylar diýip, «UPI» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.

Uzaga çeken başagaýlyk geň galan ýerli ýaşaýjylaryň göz alnynda bolup geçdi.

Ýerli habar beriş serişdeleriň ýazmagyna görä, Massaçusetsden bolan poliseý Robert leng şäherde gözegçilik wagty bir atly aýalyň sygyr kowalap barýandygyny gördi. Poliseý onuň yzyndan ulagly ýetip, näme bolýandygy bilen gyzyklandy, zenan oňa fermasyndan gaçan sygryny tutmaga kömek sorap, polisiýa gullugyna ýüz tutandygyny habar berdi.

Robert iki sagat bäri sygyr kowalap ýören kärdeşlerine goşuldy. Sygyr tutulandan soňra onuň eýesi poliseýlere kömek üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de gaýdyp sygryny gözden salmajakdygyny söz berdi.

«Waka wagtynda herekete biraz bökdençlik döredi. Şeýle-de bu etrapdaky käbir gazonlar biraz basgylandy» diýlip, polisiýasynyň habarnamasynda bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň