Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Şazada Hisahito ýapon tagtyna ikinji resmi mirasdüşer boldy

10:4707.09.2024
0
5315

Ýapon tagtynyň şazadasy Akisinonyň ogly sazada Hisahito 18 ýaşady we resmi taýdan Patyşalyk maşgalasynyň uly ýaşly agzalarynyň hataryna girdi. Şunlukda, ol öz kakasyndan soňra tagta nobatda duran ikinji mirasdüşeriň resmi derejesini aldy. Bu barada TASS habarlar gullugy habar berdi.

Hirohito häzir orta mekdebiň soňky synpynda okaýar we uniwersitete girmäge taýýarlanýar. Ol ýokary okuw mekdebinde biologiýa, aýratyn hem entomologiýa bilen meşgullanmakçy.

Häzirki patyşa Haruhito 64 ýaşynda, onuň dogany miradüşer şazada Akisino 58 ýaşynda.

Hisahito dünýä inmezden öň patyşa maşgalasynda oglanjyklar dünýä inmedi. Netijede, tagty diňe erkek ugrundan bolan nesillere bermek barada kanuna üýtgetme girizmek meselesi işjeň ara alnyp maslahatlaşyp başlandy.

Hisohito doglandan soňra bu jedelleri bes etdiler, ady agzalan kanun taslamasyny taýýarlamak üçin döredilen hünärmenler topary ýatyryldy.

Emma Ýaponiýada hünärmenler we syýasatçylar derejesinde tagt mirasdüşerliginde kynçylyk döräýen ýagdaýynda meseläni çözmek barada pikir alyşmalar dowam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň