Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Tramp başga planetalylaryň gizlin wideosyny görkezjekdigini söz berdi

10:4407.09.2024
0
5735
Tramp başga planetalylaryň gizlin wideosyny görkezjekdigini söz berdi
Surat: mir24.tv

ABŞ-nyň Prezidentligine dalaşgär Donald Tramp eger ýurduň döwlet Baştutanynyň saýlawlarynda ýeňiş gazansa, başga planetalylar barada diýlip çak edilýän gizlin wideolary jemgyýetçilige görkezjekdigini söz berdi.

Başga planetalylar barada gürrüň Trampyň bloger Leks Fridman bilen söhbetdeşligi wagtynda ýüze çykdy. Fridman oňa gizlin saklanýan wideogörnüşleri jemgyýete elýeterli etmek barada sowal bilen ýüzlendi.

«Elbetde, men hökman şeýle ederin. Men hökman şeýle etmeli hem» diýip, Tramp nygtady.

Mundan öň Donald Tramp başga planetadan gelenleriň bardygyna ynanmaýandygyny, emma muny kesgitli inkär edip bilmejekdigini-de aýdypdy.

Bu barada «MIR 24» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň