Top.Mail.Ru

Türkmenistanyň Prezidenti kazylary wezipä bellemek, wezipeden boşatmak, olara hünär derejelerini bermek baradaky Permana gol çekdi

23:2604.09.2024
0
10285


Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň sekiz aýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýerine ýetiren işleriniň netijelerine bagyşlanan Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow ýurduň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak, olara hünär derejelerini bermek baradaky Permana hem gol çekdi.

"Watan" habarlar gepleşiginde habar berilmegine görä, degişli Perman esasynda:

Öwezmyrat Sapargeldiýewiç Bäşimow Balkan welaýatynyň kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.

Atajan Akmyradowiç Rozyýew Ahal welaýatynyň Kaka etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenilip, ol Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşadyldy.

Ýazjemal Soltanmuradowna Suhanberdiýewa Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenildi we oňa kazynyň bäşinji hünär derejesi berildi.

Ezizmyrat Akmyradowiç Annaýew Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellenildi we oňa kazynyň bäşinji hünär derejesi berildi.

Baýramgeldi Çaryberdiýewiç Rahymow Lebap welaýatynyň Kerki etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellenildi we oňa kazynyň bäşinji hünär derejesi berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň