Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gresiýada guraklyk sebäpli suwuň astyndan gark bolan oba göründi

17:4804.09.2024
0
13581
Gresiýada guraklyk sebäpli suwuň astyndan gark bolan oba göründi
Surat: mir24.tv

Gresiýada 30 ýylyň içinde ilkinji gezek birwagt suwa gark bolan oba göründi. Muňa jokrama yssy we uzak dowam eden guraklyk sebäp boldy diýip, «MIR 24» habar berdi.

Kallio obasyny 1970-nji ýyllaryň aýaklarynda Mornos suw howdanyny gurýarkalar, gark etdiler. Mornos we Ewinos derýalarynyň suwy bilen doldurylýan bu howdan paýtagt Afinydan 200 kilometrlikde ýerleşýär.

Soňky birnäçe aýda suwuň derejesi 30 göterim çekilip, obanyň mekdebiniň harabalygydyr beýleki binalar suwuň ýüzünde peýda boldy. Kallioda gark bolmanka 80 öý bardy. Olary paýtagty suw bilen üpjün etmek üçin pida etmeli boldy.

Geçen gyş Gresiýada taryhda iň maýyl boldy, iýun we iýulda bolsa, rekord derejede yssy howa höküm sürdi. Howa şertleri ýurtda suwuň gytlygyna getirdi diýip, «AFP» habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň