Birleşen Arap Emirlikleri ÝUNISEF guramasy bilen Sudana gyssagly azyk kömegini bermek üçin 7 mln dollar bölüp bermek barada ylalaşyga gol çekdi. Bu barada WAM habarlar gullugyna salgylanýan «Report» habar berdi.
Maliýe serişdeleriniň 6 mln dollarynyň Sudana we 1 mln dollar kömegiň Günorta Sudana bölnüp beriljekdigi aýdylýar.
Häzir Sudanda 24,7 mln adam azyk howpsuzlygy babatda ýardam almaýar. Ýurtda 13 mln töweregi adam ýaşaýan öýlerini terk etmäge mejbur boldy, 10 mln töweregi adam mejbury göçegçi boldy, iki milliondan gowrak adam goňşy ýurtlara göçdi.
Donor-döwletler Sudandaky ýagdaýa haýyr-sahawat kömek maksatnamasynyň diňe 26 göterimini we lukmançylyk kömeginiň 36 göterimini maliýeleşdirdiler.