Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Brýus Ullisiň gyzy onuň saglyk ýagdaýy barada gürrüň berdi

12:5931.08.2024
0
10408

Golliwudyň demensiýa keselli aktýory Brýus Uillisiň gyzy Tallula kakasynyň saglyk ýagdaýy barada gürrüň berdi. Onuň sözlerini «E! News» neşiri getirýär diýip, «Kino.mail.ru» ýazýar.

«Kakamyň ýagdaýy durnukly. Hiç hili üýtgeşme ýok. Onuň keselinde bu gowy. Kakama kyn, emma kesel biziň maşgalamyzda birek-biregi söýgi-alada bilen gurşamak üçin täze mümkinçilikleri döretdi» diýip, Tallula aýtdy. Onuň sözlerine görä, her gezekki maşgala agzalarynyň duşuşygy bir-birege mähir-söýgä ýugrulandyr.

Brýus Uillisiň keseliniň ýitileşýändigi 2023-nji ýylyň güýzünde belli boldy. Şondan soňra öňki aýaly Demi Mur, aýaly Emma Heming we gyzlary aktýora gije-gündizlik idegi ýola goýdular.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň