Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Tokaýew nobatdaky halka ýüzlenmesini Gazagystany ösdürmegiň meselelerine bagyşlamakçy

12:1430.08.2024
0
6088
Tokaýew nobatdaky halka ýüzlenmesini Gazagystany ösdürmegiň meselelerine bagyşlamakçy
Surat: rbc.ru

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 2-nji sentýabrda Parlamentiň palatalarynyň bilelikdäki ýygnagynda halkyna ýüzlenme bilen çykyş eder. Bu barada gazak lideriniň metbugat gullugyna salgylanýan TASS habar berýär.

«2-nji sentýabrda döwlet Baştutany Kasym-Žomart Tokaýew Gazagystanyň Mejlisiniň palatalarynyň bilelikdäki ýygnagynda her ýylky halka ýüzlenmesi bilen çykyş eder. Oňa Senatyň (Parlamentiň ýokary palatasy) we Majilisiň (Parlamentiň aşaky palatasy) deputatlary, merkezi döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, Milli gurultaýyň, Adam hukuklary boýunça toparyň, Zenanlaryň we maşgala-demografiki syýasat boýunça geňeşiň agzalary, jemgyýetçilik we zähmet toparlarynyň wekilleri gatnaşarlar» diýlip, habarda bellenýär.

Tokaýewiň bu ýylyk ýüzlenmesini Gazagystanyň öňde duran döwürde syýasy we durmuş-ykdysady ösüşiniň geljegine bagyşlamakçydygy aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň