Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan III Ählumumy ýaşlar sammitine gatnaşdy

11:4726.08.2024
0
6505

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýaşlar syýasaty bölüminiň başlygy Wepa Gutlyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 21 — 24-nji awgustda Kazanda (RF) geçirilen III Ählumumy ýaşlar sammitine gatnaşdy.

Sammitde ýaşlar bilen baglanyşykly işjeň meselelere seredildi. Şeýle-de tejribe alyşmak we ýurtlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmäge kömek etjek bilelikdäki başlangyçlary ösdürmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

43 ýurtdan 110-dan gowrak wekil ýaşlaryň arasynda sanlylaşdyrma we sanly tendensiýalara giňişleýin baha berdiler.

Türkmen tarapy döwletiň ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmekdäki tejribelerini paýlaşdy.

Forumyň dowamynda türkmen wekiliýeti ýaşlar başlangyçlaryny we IT ulgamynda taslamalary durmuşa geçirmek we maýa goýumlaryny çekmek üçin öndürijilikli meýdança bolan Başir Rameýew adyndaky tehnoparkyň işleri bilen tanyşdy. Şeýle hem wekiliýetiň agzalary Wolga sebitiniň bedenterbiýe, sport we syýahatçylyk uniwersitetine baryp gördüler.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Metbugat beýanatyna görä, wekiliýet Kazanyň merkezindäki «Uram» seýilgähine hem baryp gördi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň