Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Asuda akym»: islendik enjam üçin motor ýaglarynyň dürli görnüşleri

10:5219.08.2024
0
8152

«Asuda akym» hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň bazarynda sarp edijileriň dürli ugurlardaky isleglerini kanagatlandyrýan «Şir Ýag» motor ýaglarynyň 25-den gowrak görnüşini hödürleýär. «Şir Ýag» aşakdakylar üçin niýetlenen ýörite ýaglary öz içine alýar:

• ýeňil awtoulaglar we ýeňil ýük awtoulaglary
• uly ýük göterijiligi bolan täjirçilik ulaglary
• oba hojalyk tehnikalary
• dişli geçirijiler we transmissiýalar
• gidrawlik ulgamlar
• senagat enjamlary

«Şir Ýag» motor ýaglary halkara hil standartlaryna laýyk gelýän ýokary hilli çalgy ýaglardyr. Olar innowasion formulasy we üns bilen saýlanyp alnan düzümi netijesinde hereketlendirijiniň ygtybarly goragyny üpjün edýärler, ýangyjyň sarp edilişini azaldýarlar we hyzmat ediş möhletini uzaldýarlar.

Sarp edijiler kompaniýanyň siryag.com resmi saýtynda önümleriň ähli görnüşleri bilen tanşyp we goşmaça maglumat alyp bilerler.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

  • salgysy: Aşgabat, Täçmämmet Suhangulyýew köç., 43;
  • telefon (+993 61) 41 32 72.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň