«Asuda akym» hojalyk jemgyýeti agyr ýük göteriji ulaglaryň hereketlendirijileri üçin «Şir Ýag» çalgy ýaglarynyň innowasion tapgyryny hödürleýär.
Bu önüm tapgyry aşa agyr iş şertlerini göz öňünde tutup döredildi we iň agyr temperatura üýtgemelerinde-de hereketlendirijileriň aýratyn howpsuzlygyny kepillendirýär. Önümler ýokary derejedäki netijeliligi, ýylyň islendik paslynda ulanylyşynyň köpugurlylygy, çalyşmasynyň uzaldylan interwaly hem-de bölekleriň az könelmegi ýaly birnäçe özboluşly häsiýetleri bilen tapawutlanýar.
Agyr ýük ulaglary üçin niýetlenen «Şir Ýag» önümler tapgyry şu aşakdaky goýulyk görnüşlerini öz içine alýar: HD 20W50, SHPD 20W50, HD 15W40, SHPD 15W40, SHPD 10W40.
«Şir Ýag» önümleriniň ähli görnüşi Türkmenistandaky ýöriteleşen dükanlarda elýeterlidir.
Has giňişleýin maglumat üçin:
- ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., Täçmämmet Suhangulyýew köçesi, 43-nji jaýy;
- telefon belgisi: (+993 61) 41 32 72;
- web saýty: siryag.com.
Şeýle-de okaň: