Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy çagalary Aşgabatdaky Kids Expo sergisine çagyrýar

08:3319.08.2024
0
5587

Şu günler Aşgabatdaky «Garagum» myhmanhanasynda dowam edýän «Kids Expo: Ähli zat çagalar üçin» atly köpugurly sergisinde çagalaryň futbol dünýäsine ilkinji gadamlaryny goýmagy üçin hem mümkinçilik dörediler. Hut, şu maksat bilen, Türkmenistanyň Futbol federasiýasy sergide özüniň ýörite bölümlerini ýaýbaňlandyryldy. Bölüm çagalary sport bilen, şol sanda millionlaryň söýgüli oýny bolan futbol bilen dostlaşdyrmakda uly ähmiýete eýe bolýar.

Çaklaňja futbol meýdanyny ýadyňa salýan bölümimizde çagalarymyz ýurdumyzyň meşhur futbolçylary bilen tanşyp, olar bilen futbol oýnap bilýärler. Bu ýerde olara futbol barada, şol sanda çagalar futboly barada gyzykly gürrüňler berilýär. Ýeri gelende aýtsak, biziň futbolda juda zehinli çagalarymyz bar. Olar ýygy-ýygydan halkara derejeli ýaryşlara gatnaşyp, olarda baýrakly orunlara eýe bolýar.

Iň gyzykly taraplaryň biri hem Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň bölüminde elektron görnüşde futbol oýnamak üçin döwrebap enjamlar ýerleşdirilendir. Bu bölümde çagalar wagtyny hoş geçirip, futbol dünýäsine ýakynlaşyp bilýärler.

Serginiň 19-njy awgustda başlanandygyny we 22-nji awgusta çenli dowam etjekdigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň