Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda tagamly ýertdunalar ýetişdirilýär

15:2016.09.2024
0
4945

Türkmenistanda ýylda birnäçe gezek ýertudanaň uly hasyly ýygnalýar. «MIR 24» teleýaýlymynyň habaryna görä, Türkmenistanda öndürilen ýertudanalar güýzde we gyşda-da tomusdaky ýaly süýji bolýar.

Miwe Aşgabatdan 10 km uzaklykda, hemişe zerur temperaturada saklanýan ýyladyşhanalarda ösdürilip ýetişdirilýär. Hasylyň gülleýän we ösýän wagty ýylylyk +12 gradus, bişip başlanda +24 derejede saklanylýar.

Bu ýerde uly we örän süýji bolan meşhur «Albion» görnüşi ekilýär.

Çeşmäniň habaryna görä, her gün bu ýerden bir tonnadan gowrak ýertudana ýygnalyp, ýerli bazarlara, şeýle hem Russiýa, Gazagystana we Özbegistana eksport üçin iberilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň