Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýerewanda Ýewraziýa ykdysady forumy geçer

09:2317.08.2024
0
6721
Ýerewanda Ýewraziýa ykdysady forumy geçer
Surat: report.az

Ermenistanyň paýtagtynda 30-njy sentýabr 1-nji oktýabr aralygynda Ýewraziýa ykdysady forumy geçer. Bu barada forumyň metbugat gullugyna salgylanýan «Report» habar berdi.

Forum Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň ýygnagyna gabatlanyp, Ýewraziýa ykdysady forumynyň on ýyllyk işiniň jemlerine, geljegine we onuň ösüşiniň wajyp ugurlaryna bagyşlanar.

«Forumyň maksady Ýewraziýa giňişliginde kooperasiýa gatnaşyklarynyň kämilleşdirilmegidir. Oňa iri, orta we kiçi işewürligiň, birleşigiň ýurtlarynyň döwlet edaralarynyň, şeýle-de üçünji ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň, Ýewraziýa ykdysady forumy bilen bilelikde işleşmegiyzmatdaşlygyň ösüşine gyzyklandyrma bildirýän halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar» diýlip, habarda bellenýär.

Forumyň maksatnamasynda 30-dan gowrak çäre, şol sanda «Häzirki zaman şertlerinde sanlylaşdyrmak – dört azatlygy üpjün etmegiň hereketlendirijisi» ady bilen gurama girýän ýurtlaryň Hökümet baştutanlarynyň gatnaşmagynda plenar maslahat göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň