Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Pariž Olimpiadasyny geçirmek üçin 8,2 milliard dollar sarp edildi

16:5016.08.2024
0
7852

Parižde geçen tomusky Olimpiýa oýunlaryny geçirmek üçin çykdajylar 8,2 mlrd dollara deň boldy diýip, «WalletHub» seljeriş kompaniýasynyň bahalandyrmalaryna salgylanýan «Kapital.kz» habar berýär. Bu bahalandyrma stadionlary abadanlaşdyrmaga, açylyş we ýapylyş dabaralarynyň geçirilmegine, şeýle-de azyk üpjünçiligi hem-de zähmet haklary bilen bagly çykdajylary hem öz içine alýar.

Agzalan çykdajylaryň 3,2 milliard dollary Olimpiadany geçirmek üçin infrastrukturany taýýarlamaga sarp edildi diýlip, «WalletHub» kompaniýasynyň hasabatynda bellenýär. Awtoulag we demir ýollaryň, howa menzilleriniň hem-de myhmanhanalaryň täzelenmegi bilen bagly çykdajylar, adatça, Olimpiýa oýunlarynyň býujetine girizilmeýär.

Oýunlaryň petekleriniň 2,5 milliony daşary ýurtly raýatlara satyldy. Olimpiada baran jahankeşdeleriň sarp eden çykdajylary 2,8 mlrd dollar derejede çaklanýar.

Şunlukda, Pariž Olimpiadasy tomusky we gyşky Oýunlaryň arasynda çykdajylarynyň möçberi boýunça altynjy orny eýeledi.

Iň gymmat bahaly Olimpiýa oýunlary 2014-nji ýylda Russiýanyň Soçi şäherinde geçen oýunlar boldy. Oňa 22 mlrd dollar sarp edildi diýlip, habarda bellenýär.

Soňky gezek Parižde Olimpiada 1924-nji ýylda geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň