Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýewropa Bileleşiginiň ilaty iki ýyl bäri artýar

22:2115.08.2024
0
6665
Ýewropa Bileleşiginiň ilaty iki ýyl bäri artýar
Surat: Report.az

Ýewropa Bileleşigine girýän ýurtlaryň ilaty 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä, 449,2 million adam deň boldy, bu bir ýyl mundan öň görkeziji 447,6 mln adama deňdir. Bu barada ÝB-niň Statistika edarasyna salgylanýan «Report» ýazýar.

Şunlukda, COVID-19 ýokanjy döwründe hasaba alnan pese gaçyşlykdan soňra, Ýewropada ilat sany iki ýyl bäri artýar. Ýagny 2020-nji ýylda ÝB-niň ilaty takmynan 0,5 mln, 2021-nji ýylda 0,3 mln adam azalypdy.

Soňky döwürde hasaba alynýan ilatyň artmagynyň köp derejede göçüp gelýänleriň hasabyna emele gelendigi bellenýär.

Şunda şu ýylyň 1-nji ýanwarynda Ýewropa Bileleşiginiň ilat sanynda, esasan, Germaniýanyň, Fransiýanyň we Italiýanyň paýynyň 47 göterimi düzýändigi aýdylýar.

Şeýle hem geçen ýyl ilat sany Polşada (132,8 müň adam), Gresiýada (16,8 müň adam) we Wengriýada (15,1 müň adam) has artdy. Bu ugurdaky iň ýokary görkeziji bolsa, Ispaniýada (525,1 müň adam), Germaniýada (330 müň adam) we Fransiýada (229 müň adam) hasaba alyndy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň