Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Ak serwiniñ saýasy» HK Türkmenistanda işewürlik üçin hyzmatlarynyň gerimini giňeldýär

17:0315.08.2024
0
11221

«Ak serwiniñ saýasy» hususy kärhanasy Türkmenistanda öz işewürligine başlamak ýa-da ony ösdürmek isleýän ýuridiki we fiziki şahslar üçin hyzmatlarynyň gerimini giňeldilendigini habar berdi. Bazarda eýýäm özüni görkezen kompaniýa işewürligiň ösüşiniň ähli basgançaklarynda toplumlaýyn goldawyny hödürleýär.

«Ak serwiniñ saýasy» näme hödürleýär?

- işewürligi döretmek we hasaba almak. Kompaniýanyň hünärmenleri täze kärhanany hasaba almak üçin ähli zerur resminamalary taýýarlamaga kömek ederler, şeýle hem iň amatly guramaçylyk-hukuk görnüşini saýlamaga ýardam bererler.

- kompaniýalary gaýtadan hasaba almak. Kompaniýaňyz esaslandyryjy resminamalaryny üýtgetmeli ýa-da kanuny salgysyny çalyşmaly bolsa, «Ak serwiniñ saýasy» HK-niň hünärmenleri ähli resmi işleri öz üstlerine alarlar.

- komissiýa hyzmaty. Kompaniýa dürli harytlary we hyzmatlary satmak hem-de satyn almak üçin hyzmatlaryny hödürleýär.

- awtoulagy gözden geçirmek. Ýokary hünär derejeli tehniki işgärler awtoulagyňyzy düýpli gözden geçirerler we onuň tehniki ýagdaýy barada jikme-jik netijenama bererler.

- buhgalterçilik hyzmatlary. Ýokary hünär derejeli hasapçylar kompaniýanyňyzyň buhgalter hasabatyny alyp barmagyny, salgyt hasabatlaryny we balans hasabatyny taýýarlamagy öz üstlerine alarlar.

- harytlary sertifikatlaşdyrmak. Kompaniýa önümleri sertifikatlaşdyrmak hyzmatlaryny hem ýerine ýetirýär.

- işewürlik meýilnamalaryny taýýarlamak. «Ak serwiniñ saýasy» HK-niň hünärmenleri işewürligiňiziň üstünlikli ösmegi üçin esas boljak täsirli işewürlik meýilnamasyny işläp düzmäge kömek ederler.

- tabşyryş resminamasynyň açylmagy we hasaba alynmagy. Kompaniýa emläk geçirilende ähli zerur resminamalary taýýarlamaga hem kömek berer.

Ýakyn wagtda gozgalmaýan emläge baha bermek we köp dilli terjimeler ýaly täze hyzmatlary ýola goýmak meýilleşdirilýär.

Has giňişleýin maglumat almak we kabul edişlige ýazylmak üçin aşakdaky telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz: (+993 61) 13 77 76, (+993 61) 86 92 22.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň