Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Awazadaky «Soltan» restorany süýjülikleriň giň saýlawyny hödürleýär

12:4426.09.2024
0
5830

Awazadaky «Soltan» restorany diňe bir dürli görnüşli datyly tagamlary bilen däl-de, eýsem, çagalary bilen gelýän myhmanlar üçin has-da özüne çekiji süýjülikleriň täsirli görnüşleri bilen hem tapawutlanýar. Menýuda nusgawy süýjülikler bilen bilrikde, özbaşdak tagama görä taýýarlanylan süýjülikler hem bar. Myhmanlar bu ýerde näzik çizkeýklerden, howaly musslardan, hoşboý ysly piroglardan we ekzotik miweli desertlerden lezzet alyp bilerler.

Restoranyň myhmanlary bu ýeriň süýji tagamlaryň köpdürli görnüşi bilen maşgala bolup dynç almaga amatly şertleri döredýän rahat atmosferasyny hem-de ýokary hilli hyzmatlaryny belleýärler.

Aşpezlik eserlerinden öýlerinde lezzet almagy halaýanlar üçin hem «Soltan» restorany tiz eltip bermek hyzmatyny hödürleýär. Bu bolsa lezzetli iýmitleri halaýanlar üçin öýlerinden çykmazdan restoranyň menýusyndaky tagamlardan lezzet almaga mümkinçilik berýär.

Telefon belgileri: +993 (64) 69 44 44, +993 (243) 5 90 99, +993 (243) 5 90 80, +993 (243) 5 90 70, +993 (243) 5 90 60, +993 ( 243) 5 90 50.

Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň