Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Röwşenagro» ýyladyşhana toplumy daşary ýurt kompaniýalaryny hyzmatdaşlyga çagyrýar

10:3226.09.2024
0
6253

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy işjeň ösýär we bu ösüşiň ajaýyp mysallarynyň biri «Röwşen» HK-nyň düzümine girýän «Röwşenagro» ýyladyşhana toplumydyr. Pomidor hem-de beýleki gök önümleri we miweleri ösdürip ýetişdirmeklige ýöriteleşen kärhana ýokary hil standartlaryna we önümçilik netijeliligine eýedir.

«Röwşenagro» ýyladyşhanalarynda pomidoryň adaty görnüşleri bilen bir hatarda, ýokary hasyllylygy, kesellere garşy durnuklylygy we ajaýyp tagamy bilen tapawutlanýan ýörite gibridler ösdürilip ýetişdirilýär.

Golaýda «Röwşenagro» ýyladyşhana toplumy täze döwrebap sowadyjy ammary işe girizdi.

Täze desga 2000 tonna gök önümleri we miweleri saklamak üçin niýetlenendir. Ammar 10 bölüme bölünendir, bu bolsa dürli önümler üçin amatly saklaýyş şertlerini döretmäge mümkinçilik berýär. Gök önümler we miweler terligini üpjün etmek üçin ýörite gaplara ýerleşdirilýär.

«Röwşenagro» – bu Türkmenistanyň ilatyny ekologiýa taýdan arassa gök önümler we dürli görnüşli miweler bilen üpjün edýän häzirki zaman ýyladyşhana toplumydyr. Toplumyň önümleri ýurduň bazarlarynda we dükanlarynda giňden hödürlenilýär.

Kärhanada iň häzirki zaman oba hojalyk tehnologiýalary, şol sanda Türkiýeden we Niderlandlardan getirilýän saýlanma tohumlar ulanylýar. Gök önümlerden başga-da, «Röwşenagroda» gülleriň birnäçe görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär.

Täze sowadyjy ammar hasyly uzak wagtlap saklamaga mümkinçilik bermek bilen çäklenmän, eýsem, azyk bolçulygyny üpjün etmäge we sarp edijiler üçin önümleriň amatly bahalaryny saklamaga kömek eder.

Hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin aşakdaky aragatnaşyk maglumatlary boýunça ýüz tutup bilersiňiz:

  • salgysy: Mary welaýaty, Mary etraby, «Aşgabat» daýhan birleşigi;
  • telefonlar: (+993 52) 22 38 77, (+993 65) 22 54 47, +7 915 2 68 39 42;
  • sosial ulgamdaky sahypasy;
  • elektron poçta: info@rowshen.com.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň