Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Dünýäde iň uly buzdagy ýene «aýak çekdi»

11:3513.08.2024
0
5984
Dünýäde iň uly buzdagy ýene «aýak çekdi»
Surat: mir24.tv

А23а diýlip at berlen dünýäde iň uly buzdagy (aýsberg) suwdaky ýüzüşinden soňra ýene «aýak çekdi». Onuň meýdany 4366 inedördül kilometre deň bolup, Sankt-Peterburg şäheriniň çäginden üç esse uludyr.

А23а buzdagynyň uzak taryhy bar. Ol Antarktidadaky şelf buzlugyndan 38 ýyl mundan öň bölündi, emma tiz Uedelliň deňzinde çökdi hem-de birnäçe onýyllyklar ornundan gozganmady.

2023-nji ýylyň baharynda ol birdenkä Antarktida ýarymadasynyň kenaryny syryp, Skoşuň deňzine tarapl süýşüp başlady. Bir ýyldan soňra buzdagy ýene saklandy diýip, Arktika we Antarktida ylmy-barlag institutynyň metbugat gullugyna salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

Alymlar aýsbergiň haýal öwrülýändigini belleýärler. Onuň suwasty bölegine Antarktidanyň çirkumpolýar akymynyň ýyly suwlary täsir edýär. Ol şeýle-de kem-kemden ýumrulýar. Aýsberg birnäçe bölege bölnüp, Skoşuň deňzinde ýüzüp başlar diýlip çaklanýar. Emma buzdagyň örän uludygy üçin muňa köp wagt gerek bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň