Top.Mail.Ru

Türkmenistanly palwanlar 2024-nji ýyly ýeňişleriň tapgyryna besleýärler

17:0005.08.2024
0
63024

Türkmenistanly türgenler 2024-nji ýylyň bütin dowamynda halkara sahnasynda guwandyryjy netijeleri gazanyp gelýärler. Hususan-da, ýylyň başyndan bäri MAMA boýunça türkmen pälwanlary ähli janköýerlerini begendiren netijeleri gazandylar.

Olaryň arasynda iň täzesi hökmünde 4-nji awgust güni «Fight Night RDD Series» ýaryşynda Eziz Penjiýewiň gazanan ajaýyp ýeňşini görklezip bileris. Türkmenistanly pälwan ikinji tapgyrda täjigistanly garşydaşy Nurali Jobirowy bogmak usuly bilen ýeňdi. Şeýlelikde, Penjiýew professional sport ýolundaky dördünji ýeňşini gazandy.

Şeýle üstünlikleriň başga-da birnäçe mysaly bar. Iýun aýynyň ortasynda K1 boýunça Türkmenistanyň çempiony Şazada Ataýew Ulýanowsk şäherinde geçirilen «Fight Nights» ýaryşynda russiýaly Andreý Baranowskini ýeňdi. Fewral aýynda bolsa sambo boýunça halkara derejeli sport ussady Abdulla Babaýewiň «AMC Fight Night 123» ýaryşynda täjigistanly Abdulaziz Ýoldoşewi ýeňendigini ýatlamak gerek.

Elbetde, gürrüň türkmen pälwanlarynyň gazanýan üstünlikleri barada barýarka, Döwletjan Ýagşymyradowy hem ýatlap geçmek gerek. 13-nji aprelde Las Wegas şäherinde geçirilen PFL 2 ýaryşynda sloweniýaly Ýakob Nedony tehniki nokaut bilen ýeňen Döwletjan 22-nji iýunda ABŞ-da geçirilen PFL 5 ýaryşynda kamerunly Simon Biýongdan eminleriň gelen karary bilen üstün çykdy. Şeýlelikde, ol PFL-niň ýarymagyr agram derejesindäki Grand Pri ýaryşynyň pleý-ofllaryndaky ýerini berkitdi.

Bu maglumatlaryň üstüne Hursand Imankuliýewiň Moskwadaky «Puls UP Boks» ýaryşyndaky ajaýyp ýeňşini hem goşup bileris.

Georgiý ASLANÝAN.

Rus dilinden terjime eden

Agageldi ITALMAZOW.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň