Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gyrgyzystanda firmalaryň adynda dini adalgalary ulanmak gadagan edildi

10:3025.07.2024
0
8336
Gyrgyzystanda firmalaryň adynda dini adalgalary ulanmak gadagan edildi
Surat: kabar.kg

Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow «Gyrgyz Respublikasynyň Raýat kodeksine üýtgetmeleri girizmek hakynda» Kanuna gol çekdi. Kanun 2024-nji ýylyň 27-nji iýunynda ýurduň Žogorku Keneşi tarapyndan kabul edildi.

Kanunyň maksady ýuridiki şahslaryň firmalarynyň atlandyrylyşynda dini häsiýetli sözleri, adalgalary (terminleri) we kesgitlemeleri ulanmagy gadagan etmekden ybarat bolup durýar. Şeýlelikde, GR-niň Raýat kodeksiniň 1-nji maddasynyň üsti düzgünnamasynda esasy maksady girdeji almak diýlip kesgitlenmedik telekeçilik maksatly däl dini guramalary, şeýle-de Respublikanyň hukuknamalary tarapyndan göz öňünde tutulan ýuridiki şahslary hasaba almazdan, ýuridiki taraplaryň firmalarynyň adynda dini häsiýetli sözleri, adalgalarydyr kesgitlemeleri peýdalanmagy gadagan edýän kada bilen dolduryldy.

Şunda dini häsiýetli sözleriň, adalgalaryň hem-de kesgitlemeleriň sanawy we olaryň ulanylyşy Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanýar diýip, «Kabar.kg» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň