Gazagystanyň Suw gorlary we irrigasiýa ministrligi Demirgazyk Araly halas etmek boýunça taslamanyň çäklerinde möhüm netije gazanylandygyny, howdanda suwuň möçberiniň 27 mlrd kubmetrden geçendigini habar berdi.
Muňa esasan hem, Kokaral bendiniň durkunyň täzelenmegi mümkinçilik berdi diýip, «Daryo.uz» ýazýar.
Bu görkezijini gazanmaga bu gün Syrderýadan Gyzylorda welaýatyna sekuntda 650 kubmetr suw akýandygy sebäp boldy. Özbegistan we Gyrgyzystan bilen bilelikde işler durmuşa geçirildi. Şol sanda häzirki wagtda berjaý edilýän suwuň berlişiniň tertibi düzüldi. Ýerli daýhan hojalyklar bilen duşuşyldy. Ekin meýdanlaryny suwarmak üçin suw ýeterlik diýip, ady tutulan ministrligiň ýolbaşçysy Nuržan Nuržigitow gürrüň berdi.
Ol ýerli ýaşaýjylar bilen duşuşykda taslamanyň Bütindünýä banky bilen bilelikde maliýeleşdirilýändigini habar berdi.
Häzirki wagtda taslamanyň ikinji bölegi işlenip düzülýär, ol balyk hojalygyny, ekojahankeşdeligi ösdürmäge, ekologiýany we suw gorlaryny dolandyrmagy gowulandyrmaga gönükdiriler.