Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Garpyz hasylynyň köpdügi rumyniýaly daýhanlary kyn ýagdaýa salýar

15:5316.07.2024
0
14326
Garpyz hasylynyň köpdügi rumyniýaly daýhanlary kyn ýagdaýa salýar
Euronews

Kejir howa sebäpli Rumyniýanyň Debulen oblastynda garpyz adatdakydan giç ýetişdi, bazary kesekiler eýelediler, daýhanlar bolsa, öz hasylyny arzan satmaga, köp halatda bolsa zyňmaga mejbur bolýarlar. Bu barada «euronews.com» gürrüň berýär.

Kemsiz bişen süýji garpyzlar Debulendäki lomaý bazarda öz müşderilerine garaşýar, emma olar hiç kime gerek däl, ýogsam öndürijiler olaryň bir kilosy üçin 50-80 ban (0,10-0,16 ýewro) soraýalar, bu geçen ýyldakydan mazaly arzan.

Arabalardyr ýük ulaglarynyň nowasy garpyzdan mas ýüklenen. Jokrama yssyda olara müşderilere garaşýar, käbirleri bolsa, eýýäm zaýalanyp, zyňlypdyr.

Bu ýyl ähli garpyzlar bir wagtda ýetişdi, bu bolsa tutuş ýurtda hasylyň gereginden artyk bolmagyna sebäp boldy.

Fermerler kejir howa sebäpli, bu ýyl Debuleniň çägesöw meýdanlarynda hasylyň gijräk ýetişendigini, netijede, ähli etraplarda garpyzyň deň bişendigini hem-de satuwa çykarylandygyny gürrüň berýärler. Garpyzyň bahasynyň arzan bolmagam şundan. Beýleki önüm öndürijiler bilen bäsdeşlik zerarly, Debuleniň fermerleri garpyzy tonnalap zyňýarlar.

Rumyniýanyň Oba hojalyk ministrligi bu ýyl Debulende bakja ekinleriň ýurduň tutuş çäginiň 16 göterimini eýeleýändigini habar berýär. Bu ýurt her ýyl Ýewropa Bileleşiginde ähli garpyz hasylynyň 22,8 göterimini öndürýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň