Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Belli Tilsimat» Türkmenistanda işewürlik üçin 1C çözgütlerini hödürleýär

11:2415.07.2024
0
11265

«1С» kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi hyzmatdaşy bolan «Belli Tilsimat» kärhanasy 1C önümlerini ulanmak bilen işewürligi giňeltmekde ýerli telekeçilere ýardam bermäge taýýardygyny mälim edýär.

32 ýyllyk taryhy bolan «1C» rus kompaniýasy hasabat ýöretmäge niýetlenen toplumlaýyn ulgamlary bilen tanalýar. 1C önümleri ýapyk programma kody, işewürligiň dürli görnüşleri üçin konfigurasiýalarynyň giňligi hem-de öz programma gurşawynda amaly çözgütleri işläp düzmek ukyby bilen häsiýetlendirilýär.

1C önümleriniň taýýar görnüşde üpjün edilýändigine garamazdan, ol belli bir ulanyjynyň zerurlyklaryna görä düzmek ýaly ýokary çeýelige eýedir. Kärhana programma üpjünçiligini belli bir iş talaplaryna laýyk getirmäge mümkinçilik berýän goşmaça gurluş gurnamalaryny hem hödürleýär.

1991-nji ýylda 1C:Kärhana platformasynyň birinji görnüşiniň peýda bolany bäri bu programma üpjünçiliginiň önümleri köp sanly gündelik amallary awtomatlaşdyrmak arkaly buhgalterleriň işini ep-esli ýeňilleşdirdi. Häzirki wagtda 1C önümleriniň hatary işiň dürli ugurlaryny guramaçylykly alyp barmak üçin hasabatyň ähli ugurlaryny öz içine alýar.

«Belli Tilsimat» gyzyklanma bildirýän telekeçileri özüniň bellitm.com web saýtynda ýerleşdirilen 1C önümleri baradaky has giňişleýin maglumatlar bilen tanyşmaga çagyrýar.

Kärhana Aşgabatda ýerleşýär we Türkmenistanda işewürlik üçin iň amatly 1C çözgütlerini saýlap almak babatda maslahat bermäge taýýardyr.

Habarlaşmak üçin:

  • ýerleşýän salgysy: 10 ýyl Abadançylyk köçesi, «Joşgun» işewürlik merkezi, 3-nji gat;
  • telefon belgisi: (+993 12) 21 60 93.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň