Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Birleşen Milletler Guramasynda Ýeriň ilatynyň iň ýokary dereja ýetjek wagtyny çakladylar

09:3213.07.2024
0
12755

Birleşen Milletler Guramasynda (BMG) Ýeriň ilat sanynyň artmagynyň iň ýokary derejä ýetjek döwri barada çaklama aýtdylar. Ýagny bilermenler ilat sanynyň ösüşiniň XXI asyrda 80 göterim artjakdygyny çaklaýarlar. Bu barada guramanyň hasabatynda aýdylýar diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

Täzelenen çaklama görä, ilatyň köpelmeginiň çürbaşy 2080-nji ýyllara degişli bolar. Şol döwürde planetadaky adamlaryň sany häzirki 8,2 milliard bolmagyndan 10,3 milliarda ýeter. Şunda ösüş togtar, hatda biraz azalar hem diýip, bilermenler belleýärler.

Käbir ýurtlarda ösüşiň iň ýokary derejesi eýýäm geçildi diýip, BMG-de nygtaýarlar. Olaryň arasynda Russiýa, Germaniýa, Hytaý we Ýaponiýa bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň