Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Eýranyň täze saýlanan Prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy 30-njy iýulda bolar

14:3111.07.2024
0
9143
Eýranyň täze saýlanan Prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy 30-njy iýulda bolar
Surat: iran.ru

Eýranyň täze saýlanan Prezidenti Masud Pezeşkiýan 30-njy iýulda ýurduň Mejlisinde kasam kabul eder. Bu barada Eýranyň parlamentiniň prezidumynyň agzasy Mojtab Ýusefi habar berdi diýip, TASS ýazýar.

Onuň sözlerine görä, wezipä girişmek dabarasynyň öňünden ýurduň Ýokary lideri Ali Hamenei saýlanan Prezidentiň wezipesinde tassyklanýandygy barada permana gol çeker.

Eýranda Prezident Ebrahim Raisi dikuçar heläkçiliginde gurban bolandan soňra, 5-nji iýulda döwlet Baştutanynyň möhletinden öňki saýlawlary geçdi. Onda öňki saglygy goraýyş ministri, reformaçy dalaşgär Masud Pezeşkiýan ýeňiş gazandy, ol sesleriň 53,6 göterimini aldy, konserwator Said Jalili sesleriň 44,3 göterimini aldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň