Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Tbiliside güýçli ýagyş we şemal şäheriň abadançylygyna zyýan ýetirdi

12:1408.07.2024
0
6813
Tbiliside güýçli ýagyş we şemal şäheriň abadançylygyna zyýan ýetirdi
Surat: report.az

Gruziýanyň paýtagtynda gije güýçli şemal gatyşykly çabga agaçlary ýykdy we şäheriň infrastrukturasyna zyýan ýetirdi. Bu barada Tbilisiniň häkimligi habar berdi diýip, «Report.az» ýazýar.

«Giç agşam güýçli şemal bilen köp ygal düşmegi paýtagtda kynçylyklary döretdi, esasan hem, Samgor, Krsanissk we Saburtalinsk etraplary ejir çekdi. Ýykylan agaçlar öýlere, awtoulaglara we aragatnaşyk ulgamyna zyýan ýetirdi.

Güýçli şemal öýleriň üçegini gopardy» diýlip, beýanatda aýdylýar.

Şäheriň degişli gulluklary tarapyndan Tbiliside tebigy hadysanyň zyýanyny aradan aýyrmak boýunça işler geçirildi.

Şäheriň hakimligi ýetirilen zyýany hasaplaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň