Top.Mail.Ru

Şawkat Mirziýoýew türkmen halkynyň Milli Lideri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

15:0929.06.2024
0
16117
Şawkat Mirziýoýew türkmen halkynyň Milli Lideri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Özbek Lideriniň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Şawkat Mirziýoýew Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, saglyk, uzak ömür, işlerinde uly üstünlik, şeýle hem Türkmenistanyň doganlyk halkyna parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki zaman Türkmenistanyň syýasy-ykdysady taýdan binýadynyň berkemeginde we pugtalanmagynda, döwletiň halkara derejede uly abraýa eýe bolmagynda, şeýle-de özbek-türkmen köptaraplaýyn strategik gatnaşyklarynyň hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleriniň üstünlikli dowam etdirilmeginde türkmen halkynyň Milli Lideriniň taryhy hyzmatlary bar.

Söhbetdeşligiň dowamynda soňky ýyllarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda gazanylan üstünlikler aýratyn kanagatlanma bilen bellendi. Söwda dolanyşygy ösýär, serhet söwda zolagy döredilýär we bilelikdäki möhüm ykdysady hem-de ynsanperwer maksatnamalar durmuşa geçirilýär.

Taraplar ýakynda wagtda geçiriljek Bilelikdäki hökümetara iş toparynyň dowamynda senagat, ulag, energiýa, medeni-ynsanperwer, oba hojalygy we sebitara hyzmatdaşlyk taslamalaryny ösdürmek bilen bagly meselelere üns bermegiň zerurdygyny bellediler.

Söhbetdeşligiň dowamynda Merkezi Aziýada sebit hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň