Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Döwlet gullukçysy bolup işleýän robot işde ýadap, özüni basgançakdan oklady

16:4828.06.2024
0
11277
Döwlet gullukçysy bolup işleýän robot işde ýadap, özüni basgançakdan oklady
Surat: gazeta.ru

Günorta Koreýada robot iş gününiň tüýs gyzyşan wagty basgançakdan gaçdy. Bu barada «France 24» teleýaýlymyna salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.

Waka ýurduň Kumi şäherinde, robotyň gullukçy bolup işleýän edarasynda boldy. Ol resminamalary gerekli edaralara eltmek bilen meşgullanýardy hem-de ýaşaýjylara möhüm habarlary ýetiriýärdi.

Ýerli edara işgärleriniň biriniň gürrüňine görä, robot işdekä bir zady alada edýän ýaly, ikibaka aýlanmaga başlady. Soňra basgançaga tarap bardy-da, birinji ädiminde ýykyldy hem-de ýere gaçdy.

Häzirki wagtda hünärmenler ýagdaýy öwrenýärler. Hadysa robotyň agyr işden ýadandygynyň sebäp bolan bolmagy mümkin diýlip hem çaklanýar. Şäher häkimliginde robotyň yhlasly zähmet çekendigini hem-de işgärleriň arasynda uly hormatdan peýdalanandygyny aýdýarlar.

«Resmi taýdan alnanda, ol häkimligiň bir agzasydy, biziň birimizdi» diýip, häkimligiň ýolbaşçy işgärleriniň biri gynanjyny paýlaşýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň