Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Şu gün Eýranda Prezident saýlawlary geçýär

08:3028.06.2024
0
7997
Şu gün Eýranda Prezident saýlawlary geçýär
Surat: 1lurer.am

Şu gün Eýranda möhletinden öňki Prezident saýlawlary geçýär. Düýn bu ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň saýlawdan öňki wagyz işleri tamamlandy hem-de saýlawdan öňki ümsümlik güni yglan edildi diýip, TASS habar berýär.

Saýlawdan öňki wagyz işleri üçin bölünip berlen iki hepdäniň dowamynda dalaşgärleriň arasynda teleýaýlymda çekişmeleriň bäş tapgyry geçirildi. Olaryň her biri anyk tema bagyşlandy: ykdysadyýet, daşary syýasat, medeniýet, durmuş syýasaty we hökümetiň işiniň täsirliligini ýokarlandyrmak.

Ilatyň arasynda geçirilen soňky pikirsoralyşyklaryň netijesine görä, häzirki wagtda reformaçy Masud Pezeşkiýan öňdebaryjy orny eýeleýär. Onda soňra biraz yza galmak bilen, ikinji we üçünji orunda konserwatorlar Jalili we Galibaf ýerleşýär.

Eýranda şu gün möhletinden öňki Prezident saýlawlary ýurduň Prezidenti Ebrahim Rasiniň dikuçar heläkçiliginde gurban bolmagy bilen baglylykda geçirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň