Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda mekdep okuwçylarynyň arasynda mental arifmetika boýunça bäsleşik geçiriler

12:4621.06.2024
0
20908

2024-nji ýylyň 24-25-nji iýunynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan mekdep okuwçylaryň arasynda mental arifmetika boýunça bäsleşik guralar. Bäsleşik Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi «Turkmenportala» habar berdi.

Bäsleşigiň Türkmenistanyň bilim ministriniň buýrugy bilen tassyklanan düzgünnamasyna laýyklykda onuň jemleýji tapgyryna Türkmenistanyň dürli künjeklerinden saýlanan 110 sany zehinli 6-14 ýaşly mekdep okuwçylary gatnaşarlar. Olar bäsleşigiň birinji gününde mental arifmetikanyň «Zehin senenamasyny hasaplamak», «Mental kwadrat kök (alty belgili) almak», «Ýatdan goşmak», «Ýatdan köpeltmek (8x8)» görnüşleri boýunça zehinlerini synarlar. Bäsleşigiň ikinji gününde okuwçylar mental arifmetikanyň «Flash Anzan marafony» görnüşi boýunça zehinlerini we ukyplaryny görkezerler.

Bäsleşigiň jemi ýörite düzülen eminler topary tarapyndan jemlenip, ýeňijiler yglan ediler we olar degişli diplomlar bilen sylaglanylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň