Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Eýranda 37 adam Prezident saýlawlarynda dalaşgärlik etmek isledi

09:0001.06.2024
0
6779
Eýranda 37 adam Prezident saýlawlarynda dalaşgärlik etmek isledi
Surat: sb.by

Azyndan 37 adam Eýranda möhletinden öň geçiriljek Prezident saýlawlaryna dalaşgär hökmünde gatnaşmak isledi, emma olaryň diňe ýedisi saýlaw kanunçylygyna laýyk görüldi. Bu barada ýurduň Saýlaw edarasynyň başlygy Mohammad Tagi Şahçeragi «IRIB» teleýaýlymynda gürrüň berdi diýip, TASS ýazýar.

Şahçeragi şeýle-de saýlawlara dalaşgär hökmünde gatnaşmak isleýänlere gyssanmagy maslahat berdi, sebäbi dalaşgärleri resmi bellige almak öňdäki duşenbede tamamlanýar.

Öň Prezident saýlawlaryna gatnaşmak üçin Mejlisiň öňki başlygy Ali Larijani, Eýranyň ýokary lideri aýatolla Ali Hameneiniň wekili Said Jalili, Eýranyň parlamentiniň iki deputaty Mohammad Sabagiýan we Abbas Mogtadai, şeýle-de öňki deputatlaryň üçüsi hasaba alyndy.

Saýlawlara dalaşgärleri hasaba almak 3-nji iýuna çenli dowam eder. Gatnaşjaklaryň gutarnykly sanawy 11-nji iýunda çap ediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň