«Al-Aýn» ― AFK-nyň Çempionlar ligasynyň çempiony

12:2227.05.2024
0
5356

Birleşen Arap Emirlikleriniň “Al-Aýn” topary Aziýanyň Futbol Konferederasiýasynyň Çempionlar ligasynyň çempiony boldy. Topar final duşuşygynda Ýaponiýanyň “Ýokogama F. Marinos” toparyny 5:1 hasabynda utup, Aziýa yklymynyň iň uly kubogyny gazandy.

AFK-nyň Çempionlar ligasynyň final duşuşygy 2 oýundan ybarat. Ýaponiýada geçirilen ilkinji duşuşykda ýapon topary 2:1 hasabynda utupdy.

Jogap duşuşugy BAE-däki “Hazza Bin Zaýed” stadionynda geçirildi. Öz meýdançasynda “Al-Aýn” topary 5:1 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy.

Şeýlelikde, argentinaly meşhur futbolçy Hernan Kresponyň tälimçilik edýän “Al-Aýn” topary ikinji gezek Aziýanyň Çempionlar ligasynyň kubogyny gazandy. Mundan ozal, bu topar 2003-nji ýylda bu kubogy gazanypdy.

Ýatlatsak, BAE-niň “Al-Aýn” topary Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda “Ahal” futbol kluby bilen bir topara düşüp, Aşgabada hem gelipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň