Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýewropany sil joşgunlary gurşady

09:2820.05.2024
0
14381
Ýewropany sil joşgunlary gurşady
Surat: iz.ru

Sloweniýede, Italiýada we Fransiýada sil joşgunlary möwç urýar. Mysal üçin, Fransiýanyň demirgazyk-gündogaryndaky departamentleriniň dördüsinde sil joşmalary sebäpli howa töwekgelçiliginiň «gülgün» derejesi yglan edildi. Bu ýerlerde soňky günler yzyny kesmän ýagyş ýagýar diýip, «24KZ» habar berýär. Sloweniýanyň demirgazyk-gündogarynda-da güýçli ýelli çabga sil joşgunlaryny döretdi. Köp etraplarda ýollar we ýerasty ötükleri suw basdy.

Italiýada-da ýagdaý dartgynly. Iki gün bäri ýurduň Weneto we Lombardiýa etraplarynda adamlar sil joşgunlary sebäpli kömek sorap, ýörite gulluklara ýüz tutýarlar. Gark bolan hem bar diýlip, habarda bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň