Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen konserwatoriýasy bilen Parižiň Ýokary saz mekdebiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

11:5109.05.2024
0
6514

Türkmenistanyň Fransiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Maksat Çaryýew «L’ecole Normale de Musique de Paris Alfred Cortot-nyň» professory Sergeý Makarow bilen duşuşdy. Duşuşykda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilen Parižiň Ýokary saz mekdebiniň zehinli pianinoçylary taýýarlamak ugrunda özara hyzmatdaşlyk mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.

HHM-niň habar berşi ýaly, taraplar iki ýurduň ýöriteleşdirilen bilim edaralarynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Parižiň Ýokary saz mekdebiniň professory Sergeý Markarow pianino sungatynda belli şahsyýetdir. Ol görnükli hyzmatlary üçin 2002-nji ýylda ÝUNESKO tarapyndan «Parahatçylyk üçin ÝUNESKO aýdymçysy» diýen hormatly ada eýe boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň