Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Barselonanyň hassahanasynda lukman-itler peýda boldy

11:1922.04.2024
0
8594
Barselonanyň hassahanasynda lukman-itler peýda boldy
Surat: lenta.ru

Barselonanyň hassahanasynda terapewt-itler peýda boldy diýip, «24KZ» habar berýär.

Bu synag taslamadyr. Haýwanlar hepdede ik igezek tiz bejergi alýan hassalaryň bölümine barýarlar. Alymlar şeýle etmek bilen, haýwanlaryň kömegi arkaly bejerginiň hassalaryň stresini peseldýändigini subut etmekçi bolýarlar.

Munuň üçin hünärmenler dört aýakly jandarlar hassahana gelmeziniň öňüsyrasy hem-de soňra hassalaryň tüýküliginiň nusgasyny alýarlar. Bu adamyň emosional ýagdaýyna jogap berýän gormonlaryň näderejede üýtgändigini anyklamak üçin gerek.

Başlangyç diňe hassalarda däl, lukmanlarda hem goldaw tapdy.

Lýusiýa Pikaso, tiz bejergi bölüminiň lukmany: - Adamlar şeýle gonaklara şat. Sebäbi hassalaryň käbiri bärde uzak wagt bäri ýatyr. Bu olaryň göwnüni açýar.

Itleriň gelmegi hassalaryň gutulmagyna oňat täsir edýär diýip, lukmanlar belleýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň