Soňky habarlar

Arhiw

Hokkeý boýunça halkara ýaryş: «Galkanyň» finaldaky garşydaşy belli boldy

16:1719.04.2024
0
8106

Şu günler Aşgabat şäherinde geçirilýän hokkeý boýunça halkara ýaryşda Türkmenistanyň «Galkan» toparynyň finaldaky garşydaşy boldy. Ol şu gün bassyr dördünji ýeňşini hem gazanyp, edil «Galkan» ýaly öz toparçasyny («B» toparça) 12 utuk bilen birinji orunda tamamlan «Adihıc-Kazan» hokkeý toparydyr.

Şu gün Kazandan gelen hokkeýçiler jemleji duşuşykda Gazagystanyň «Akmola» toparyny ýeňip, final duşuşygyna gatnaşmaga hukuk gazandylar. «Galkanyň» bu hukugy düýn gazanyp goýandygyny ýatladýarys.

Halkara ýaryşyň final duşuşygy ertir ― 20-nji aprelde sagat 15:00-da başlanar. Duşuşyk Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda geçiriler.

Ýeri gelende aýtsak, şu günki duşuşyklaryň netijesinde üçünji orun ugrunda ýaryşjak toparlar hem belli boldy. Jemleýji tapgyrda Özbegistanyň «Feniks» topary Eýranyň «Ice Box» toparyndan 6:1 hasabynda üstün çykyp, ertir ýaryşyň üçünji orny üçin göreşmäge «A» toparçadan hukuk gazanan topar boldy. Şu gün Gyrgyzystanyň «Dordoýyny» ýeňen Belarus Respublikasynyň «Wolat» topary bu duşuşykda «Feniksiň» garşydaşy bolar.

Üçünji orun ugrundaky duşuşygyň 20-nji aprelde sagat 10:00-da başlanmagyna garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň