Soňky habarlar

Arhiw

BAE-de soňky 75 ýylda iň köp derejede ygal düşdi

11:2718.04.2024
0
9791
BAE-de soňky 75 ýylda iň köp derejede ygal düşdi
Surat: report.az

Birleşen Arap Emirlikleriniň Milli meteorologiýa gullugy soňky 75 ýylda iň köp derejedäki ygaly hasaba aldy. Bu barada Emirligiň Hökümetiniň metbugat gullugyna salgylanýan «Report.az» habar berdi.

Habara görä, Abu-Dabi emirliginiň gündogaryndaky El-Aýn şäherinde 24 sagatdan hem az wagtyň dowamynda 254,8 mm ygal düşdi.

Munuň özi Dubaýa bir günde ýedi aýlyk möçberdäki ygalyň ýagandygyny aňladýar diýip, «M24.ru» ýazýar. Netijede, dörän sil suwy howa menzilini, köçeleri, otelleri we öýleri gark etdi. Dubaýyň Halkara howa menzili howa şertleri gowulaşýança, uçar gatnawlaryny togtatdy. Gatnawlaryň 45-si ýatyryldy. Sebäbi çabga ýagyşlary uçuş zolagyny tutuşlygyna gark etdi.

Dubaýyň howa menzili uçuşlaryň 18-nji aprelde dikeldiljekdigini habar berdi diýip, «Ren.tv» ýazýar.

Dubaýda howa howplulygynyň «mämişi» derejesi yglan edildi. Adamlara öýlerinde galmak, penjireleri ýapmak we hiç ýerä çykmazlyk maslahat berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň