Batyr Berdigylyjow BSGG-niň Russiýadaky bölüminiň başlygy wezipesine bellendi

09:3530.04.2024
0
7697
Batyr Berdigylyjow BSGG-niň Russiýadaky bölüminiň başlygy wezipesine bellendi
Surat: gazeta.ru

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Russiýadaky bölüminiň başlygy wezipesine Batyr Berdigylyjow bellendi diýip, guramanyň metbugat gullugyna salgylanýan TASS habar berdi.

Berdigylyjowyň eýýäm täze wezipesine girişendigi habar berilýär, ol öň guramanyň Belarussiýadaky we Türkiýedäki ofisleriniň ýolbaşçysy bolup işleýärdi.

Öň bu wezipede işlän Melita Wuýnowiç şu ýylyň başynda ygtyýarlylyk möhletini tamamlady, ondan soňra onuň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji guramanyň Ýewropa sebit edarasynyň Russiýadaky ýörite wekili Bagtygül Garryýewa boldy.

Batyr Berdigylyjow Türkmenistanda doguldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň