Soňky habarlar

Arhiw

Şotlandiýanyň birinji ministri Hamza Ýusuf iş başyndan gitmekçi

11:3130.04.2024
0
8140
Şotlandiýanyň birinji ministri Hamza Ýusuf iş başyndan gitmekçi
Surat: mir24.tv

Şotlandiýanyň Birinji ministri, ýurduň Milli partiýasynyň lideri Hamza Ýusuf iş başyndan gidýändigini yglan etdi. Ol täze oruntutary saýlanýança wezipesini dowam eder diýip, «Sky News» habarlar gullugyna salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

Ýusufyň baştutanlyk edýän partiýasy öň ýerli Parlamentde Şotlandiýanyň Ýaşyllar partiýasy bilen koalision ylalaşyk ýatyrylandan soňra ýerleriň köpüsini elden giderdi. Ýusuf ady tutulýan partiýa bilen ylalaşygyň bozulýandygyny yglan edende, garşylykçy partiýalaryň birnäçesi oňa ynam bildirmezlik wotumyny öňe sürmekçidiklerini yglan edipdiler. Ylalaşygyň ýatyrylmagyna 2030-njy ýyla çenli kömürturşy gazynyň howa taşlanýan zyňyndylaryny 75 göterim azaltmak babatda jedeller sebäp boldy. Ýagny bu taslama Şotlandiýanyň Milli partiýasy garşy çykdy.

Habarda Ýusufyň Şotlandiýa ýolbaşçylyk eden ilkinji musulmandygy bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň