Soňky habarlar

Arhiw

Oleg Kononenko açyk kosmosda selfi surata düşdi

10:5130.04.2024
0
7583
Oleg Kononenko açyk kosmosda selfi surata düşdi
Surat: ren.tv

Asly Türkmenistandan bolan russiýaly kosmonawt Oleg Kononenko Halkara kosmos bekediniň daşynda, açyk älemde işleýärkä, birnäçe selfi surata düşdi diýip, «Ren.tv» habar berýär.

Kononenkonyň suratlaryny «Roskosmos» edarasy özüniň Telegram-ýaýlymynda çap etdi. Sahypada «Oleg Kononenkodan haýran galdyryjy suratlar» diýlen ýazgy bar. Selfileriň birinde kosmonawtyň harby eşiginde aýaly Tatýananyň ady ýazylypdyr. Skafandryň ýüzünde Kononenko bilen açyk äleme çykan russiýaly kärdeşi Nikolaý Çubuň hem ýüzi görünýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň