Arhiw

Omanda alma ululygynda doly ýagdy

13:3817.04.2024
0
12942

Omanyň ülkeleriniň birgideninde güýçli doly ýagdy. Oňa güýçli deňiz harasaty sebäp boldy. Almanyň ululygyndaky doly däneleri onlarça adamy ýaralady, infrastruktura zeper ýetirdi diýip, «Al-Arabiýa» teleýaýlymyna salgylanýan «Izwestiýa.ru» habar berdi.

Ady tutulan teleýaýlym alma ýaly doly bölekleriniň awtoulaglara zeper ýetirişini görkezdi. Birnäçe etraplarda elektrik üpjünçiligine zeper ýetdi.

Omanda doly bilen birlikde, güýçli sil joşmasy-da dowam edýär. Çabga ýagynlary netijesinde ýurduň Demirgazyk Eş-Şarkiýa ülkesinde azyndan 17 adam pida boldy, olaryň 9-sy mekdep okuwçylary diýip, «Al-Arabiýa» teleýaýlymy habar berdi.

Ýurduň Hökümeti gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna gynanç bildirdi. Ejir çeken etraplardan ilat göçürilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň