Tokaýew suw süýşgünleri sebäpli öňdäki on güni iň kyn döwür diýip atlandyrdy

12:4517.04.2024
0
13788
Tokaýew suw süýşgünleri sebäpli öňdäki on güni iň kyn döwür diýip atlandyrdy
Surat: ren.tv

Gazagystanda öňdäki on gün, ýurdy basan suw süýşgünleri sebäpli, iň agyr döwür bolar diýip, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew aýtdy. Onuň sözlerini Gazagystanyň döwlet Baştutanynyň metbugat gullugy çap etdi diýip, «Ren.tv» ýazýar.

Tokaýew suw süýşgünlerini umumymilli betbagtlyk hökmünde häsiýetlendirdi we ähli ejir çeken raýatlara ýetirilen ýitginiň öweziniň dolunjakdygyny belledi.

Döwlet Baştutany şeýle hem ýurduň Hökümetine we beýleki döwlet edaralaryna serişdeleri tygşytlamak üçin iri çäreleri geçirmekden saklanmagy tabşyrdy. Netijede, «Astana» halkara forumy ýatyryldy, Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlaryna, ýurduň Tokioda geçjek Bütindünýä sergisine gatnaşmagy bilen bagly göz öňünde tutulan serişdeler azaldyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň