Türkmenistan Rumyniýada geçiriljek halkara sergä milli ekspozisiýasy bilen gatnaşar

07:3113.04.2024
0
11580

Şu ýylyň 16 --- 19-njy maýy günlerinde Rumyniýanyň Buharest şäherinde geçiriljek "TIBCO-2024" atly halkara sergä Türkmenistan öz milli ekspozisiýasy bilen gatnaşar. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Atdaýew bu ugurda ýerine ýetirilýän işler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Wise-premýeriň sergileri, ýarmarkalary we maslahatlary geçirmek boýunça amala aşyrylýan işler baradaky hasabatynda bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanynyň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda yzygiderli guralýan sergiler we maslahatlar durmuş-ykdysady ösüşleri ýaýbaňlandyrmaga, içerki bazaryň bolçulygyny artdyrmaga hem-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýär.

Buharestde geçiriljek iri möçberli sergide Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynyň, şeýle hem hususy haryt öndürijileriniň harytlarynyň we hyzmatlarynyň mahabatlandyrylmagy meýilleşdirilýär. Bu bolsa täze eksport bazarlaryny açmaga, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge mümkinçilik berer.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda we daşary ýurtlarda yzygiderli guralýan sergileriň, maslahatlaryň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedigini nygtady.

Döwlet Baştutany wise-premýere şu ýylyň 16 --- 19-njy maýy günlerinde Rumyniýanyň Buharest şäherinde geçiriljek halkara sergide Türkmenistanyň öz sergisini guramak boýunça degişli işleri geçirmegi hem-de onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň