Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Özbegistanyň uly ýaşly ilatynyň 100 göterime golaýy ykjam telefon ulanýar

11:0303.04.2024
0
8701
Özbegistanyň uly ýaşly ilatynyň 100 göterime golaýy ykjam telefon ulanýar
Surat: daryo.uz

Özbegistanyň Statistika agentliginiň maglumatlaryna laýyklykda, 2023-nji ýylda ýurduň 10 ýaşly we ondan ýokary ilatynyň 99,1 göterime golaýy ykjam el telefonyndan peýdalandy. Bu görkeziji 2022-nji ýyldakydan (97,8 göterim) we 2021-nji ýyldakydan (95,7 göterim) ep-esli köpdür.

2023-nji ýylda Özbegistan daşary ýurtdan ykjam telefonlaryň umumy bahasy 240,1 million dollar bolan 3,4 million sanysyny satyn aldy. Iň köp el telefonlary Hytaýdan satyn alyndy – 3,1 million birlik. Ondan soňra Wýetnam (276,8 müň birlik), Hindistan (37,2 müň birlik) we BAE (7,8 müň birlik) ýerleşýär diýip, «Daryo.uz» habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň