Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

23-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary – Turkmenportal

10:5623.03.2024
0
9052

Türkmenistanyň Prezidenti «Krokus Siti Holl» konsert zalynda bolup geçen ýazagly hüjüm zerarly gynanç bildirdi, Türkmenistanda gowaça ekişine girişildi, Türkmenistanyň we Belgiýanyň Daşary işler ministrlikleri özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Krasnogorsk şäherindäki «Krokus siti holl» konsert zalynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren ýaragly hüjüm we partlama zerarly gynanç hatyny iberdi. Türkmenistanyň döwlet Baştutany şu agyr pursatda ýurduň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

2. Türkmenistanda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan gowaça ekişi başlandy. Bellenilen möhletlere laýyklykda, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary 20-nji martda gowaça ekişine başladylar. Daşoguz welaýatynyň daýhanlary bolsa bu möwsüme 27-nji martda girişerler. Ekiş möwsümine çenli pagtanyň tiz ýetişýän, ýokary hasylly, arassa we inçe süýümli saýlama tohumlary saýlanyp alyndy. Ekiş möwsüminiň başlanmagy mynasybetli guralan dabaralaryň çäklerinde dürli oba hojalyk tehnikalarynyň, gaýtadan işleýän kärhanalarda öndürilen önümleriň sergisi guraldy. Welaýatlaryň aýdym-saz we folklor toparlary kärendeçiler üçin döredijilik çykyşlaryny taýýarladylar.

3. Türkmenistanyň we Belgiýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Brýusselde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Belgiýa Patyşalygynyň Daşary işler, halkara söwda we hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Federal gullugynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi.

4. Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi Annamämmet Annaýew Rumyniýanyň medeniýet ministri Raluka Turkan bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda medeniýet ulgamynda bilelikdäki çäreleri guramagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar iki ýurduň arasyndaky medeni hyzmatdaşlyk baradaky hereket edýän ylalaşygyň ähmiýetine ünsi çekdiler. Rumyn tarapy beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşmaga gyzyklanma bildirdi.

5. Golaýda türkmen wekiliýeti bilen Rim şäher häkimliginiň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen duşuşygyň dowamynda 2025-nji ýylda Rimiň Kapitoliý muzeýinde Türkmenistanyň arheologiki sergisini geçirmek barada resminama gol çekildi. Taraplar Türkmenistan bilen Italiýanyň arasynda dürli ulgamlarda, ilkinji nobatda bolsa medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň möhümdigini bellediler. Şol bir wagtyň özünde, arheologiýa we medeni mirasy gorap saklamak babatynda ýurtlaryň arasynda uzak möhletli özara gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy.

6. Ahal welaýatynyň Ak Bugdaý etrabynda ýerleşýän «Nowruz ýaýlasynda» baýramçylyk dabaralarynyň dowamynda oklukirpiniň çagasy dünýä indi we oňa Nowruz ady dakyldy. Dabaranyň dowamynda görkezilýän Türkmenistanyň Gyzyl kitabynda girizilen haýwanlaryň arasynda oklukirpi jübüti hem bardy. Halk arasyndaky ynanja görä, Nowruzyň gelmegi bilen ýitip barýan haýwanyň çagasy dünýä inse, bu ýyl abadançylyk we bagt getirer.

Dünýäde

7. Şazada Uilýamyň aýaly Keýt Middltonda rak keseli ýüze çykaryldy. Bu diagnoz Keýtiň ýanwar aýynda geçiren operasiýasyndan soň goýuldy. Häzirki wagtda ol öňüni alyş himiýa bejergisini alýar. Kembrij gersoginýasy rak keseli baradaky habaryň özüne we maşgalasyna örän agyr täsir edendigini boýun aldy. Ol bejergi wagtynda jemgyýetçilikden şahsy durmuşyna hormat goýmagy sorady. Fewral aýynyň başynda patyşa Karl III-ä hem rak keseli diagnozy goýuldy.

8. Daniýaly alymlar 3-5 ýaşly çaganyň sözleýşini ösdürmek üçin geçen günüň wakalaryny ara alyp maslahatlaşmakdan has täsirli usulyň ýokdugyny ýüze çykardylar. Daniýadan we ABŞ-dan gözlegçiler dürli ýagdaýlarda ene-atalar bilen çagalaryň arasyndaky söhbetdeşlikleri ýazga aldylar: suratly kitaplary okamak, «LEGO» bilen oýnamak we günüň wakalaryny ara alyp maslahatlaşmak. Barlagdan soň derrew çaganyň sözlük goruna baha bermek üçin synag geçirildi. Geçmişdäki wakalar hakda gürleşende, ene-atalaryň sözleriniň grammatiki taýdan oýun oýnamakdan ýa-da okamakdan has çylşyrymlydygy ýüze çykaryldy. Bu bolsa çaganyň umumy sözlemleri has köp özleşdirmegine kömek edýär.

Sport habarlary

9. Türkmenistanyň milli ýygyndysy Dünýä çempionaty – 2026-nyň saýlama duşuşygynda Eýrandan ýeňildi. Duşuşyk Tährandaky «Azady» stadionynda geçirildi we eýranlylaryň 5:0 hasabynda ýeňşi bilen tamamlandy. Saýlama ýaryşyň üç tapgyryndan soň Türkmenistanyň milli ýygyndysy goşmaça görkezijileri boýunça Gonkongyň toparyndan yza galyp, «E» toparçada dördünji orny eýeleýär. Türkmenistan 26-njy martda Eýran bilen Aşgabatda duşuşar.

10. Meksikanyň milli ýygyndysyndan 8:4 hasabynda üstün çykan türkmen hokkeýçileri 6 toparyň gatnaşmagynda Gyrgyzystanyň paýtagtynda geçirilen «A» toparçanyň üçünji diwizionynda dünýä çempionatynda çykyşyny tamamladylar. Şu dünýä çempionatynda geçirilen oýundan öň Türkmenistanyň we Meksikanyň hokkeýçileri ozal duşuşmandylar. Bu ýeňişden soň Türkmenistanyň milli ýygyndysy dördünji orny eýeledi. Şaýba geçirmekde we ýardam etmekde Türkmenistanyň milli ýygyndysynda iň gowy netijäni hüjümçi Arslan Nuryýew görkezdi, ol 11 utuk toplap, bombardirleriň ilkinji altylygyna girdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň